Berdiýewiň «Kaýraty» ýewrokubok ýaryşlarynda ilkinji utuklaryny gazandy

  • 17.09.2021 12:16
  • 12k+

16-njy awgustda Konferensiýalar ligasynyň toparlarýyn tapgyrynyň birinji oýnunda Gazagystanyň «Kaýrat» futbol kluby Kipriň «Omoniýasy» bilen duşuşdy. Duşuşyk Gazagystanyň «Sentralnyý» stadionynda geçirildi. Duşuşyga ukrainaly Sergeý Boýko eminlik etdi.

Hasap 0:0 bolup tamamlandy. Klublar bir utukdan topladylar.
«Kaýrat» indiki duşuşygyny 1-nji oktýabra geçilýän gije myhmançylykda Şweýsariýanyň «Bazel» klubuna garşy geçirer.

Konferensiýalar ligasy — Çempionlar ligasyndan we Ýewropa ligasyndan soň, ýewropa klublaýyn futbolynda üçünji derejeli ýaryş bolup durýar.


17.08.2025 13:40
6.3k+

“Bawariýa” 11-nji gezek Germaniýanyň Superkubogyny aldy

"Bawariýa” futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda “Ştutgarty” 2:1 hasabynda utup, kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Ştutgartda geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde Garri Keýn (18-nji minut) we Luis Dias (77) gol geçirdi...

16.08.2025 18:26
7.2k+

UEFA klublaryň täzelenen reýtingini çykardy: birinji - «Real»

2025/26 möwsüminiň öňüsyrasynda UEFA klublaýyn reýtingini täzeledi. Sanawda ilkinji orny 117,5 utuk toplan Madridiň "Realy" eýeledi. Geçen möwsümde “Real” hiç bir kubogy gazanyp bilmese-de, UEFA-nyň reýtingi soňky bäş möwsümde toparlaryň Ýewrokuboklardaky netijelerine görä düzülenligi sebäpli "Real" sanawyň başyna çykdy...

16.08.2025 01:08
11k+

AFK-2 Çempionlar ligasynda "Arkadag" bilen "Ahal" FK-laryň garşydaşlary barada bilmeli zatlar

«Arkadag» we «Ahal» futbol klublary AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişliginiň netijesinde garşydaşlaryny bildiler. Bu ýaryş Aziýanyň Çempionlar ligasyndan soň abraýy boýunça ikinji möhüm klub ýaryşydyr...

16.08.2025 00:03
7.4k+

La Liganyň başlygy “Barselona” barada maliýe maglumatlaryny aýan edendigi üçin işden çykarylyp bilner

La Liganyň prezidenti Hawýer Tebas “Barselona” futbol kluby barada gizlin maglumatlary aýan etmekde aýyplamalardan soň wezipeden aýrylyp bilner. Bu barada AS gazeti habar berýär. Ispaniýanyň Demokratiýa we sport aç-açanlygy assosiasiýasynyň başlygy Migel Anhel Galan Ýokary sport geňeşine (CSD) 50 sahypalyk resminama berip, onda Tebasyň bäş düzgün bozma ýol berendigini nygtady...