Ozalky Döwlet münberi “Oguz han” köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwrüler

  • 17.09.2021 17:50
  • 10k+

16-njy sentýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisi tamamlanandan soňra, türkmen Lideri “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň wekiliniň Aşgabadyň merkezi künjegindäki binalary döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly  görkezen taslamalary bilen tanyşdy.

Bellenilişi ýaly, Aşgabatda täze Döwlet münberiniň toplumynyň gurulmagy bilen, türkmen Lideriniň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, ozalky münberiň durkuny täzeläp, ony döwrebaplaşdyryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynyň Işewürlik merkezine öwürmek boýunça birnäçe teklip taýýarlanyldy.

Fransuz kompaniýasynyň wekili döwlet Baştutanyna taýýarlanylan taslamalar hem-de geçirilýän degişli işler barada habar berdi. Täze Işewürlik merkezi şäheriň bu künjegindäki desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer. Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, merkeziň ähli desgalary häzirki zamanyň enjamlary, innowasiýalar, şol sanda internet tehnologiýalary, sanly ulgam bilen üpjün ediler. Bu ýerde mejlisler zaly, iş otaglary ýerleşdiriler, dürli derejeli duşuşyklary hem-de işewür gepleşikleri guramak we geçirmek üçin ähli zerur şertler dörediler.

Türkmen Lideri taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi we täze Döwlet münberiniň toplumynyň açylmagy bilen, ozalky Döwlet münberini Işewürlik merkezine öwürmek baradaky teklibiň maksadalaýykdygyny aýdyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


düýn 16:46
8.2k+

2025-nji ýylyň soňky hepdesinde Türkmenistanda boljak howa barada maglumat

2025-nji ýylyň 29-njy dekabry - 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwary aralygyndaky hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ygalyň mukdarynyň 0,1-12,0 mm bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi  ýurdumyzda ýylyň soňky hepdesinde bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi...

27.12.2025 11:26
11k+

Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli geçiriljek konsertleriň we baýramçylyk şowhunlarynyň sanawy

27-nji, 28-nji we 29-njy dekabrda sagat 18:00-da Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda konsertler bolar. Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary eýran-şwed aýdymçysy Araşyň, russiýaly aýdymçy we sazanda Motuň (Matweý Melnikow) hem-de türkiýeli pop-aýdymçy Semicenkiň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler...

24.12.2025 13:53
5.1k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl mynasybetli çykyşlaryny her gün gurnap başlady

Türkmenistanyň Döwlet sirki  Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Ganatly bedewler» atly täze sahnalaşdyrlan sirk çykyşyny hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, “Galkynyş” milli...

22.12.2025 16:40
4.7k+

Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy Täze ýyl kitap sergisini geçirdi

20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy her ýylky Täze ýyl kitap sergisini geçirdi. Sergi eýýäm üçünji ýyl yzygiderli guraldy. Çäre Wekilhananyň meýdançasynda geçirildi we ýerli jemgyýeti kitap, medeniýet, ekologiýa aňy we baýramçylyk ruhy bilen gurşap aldy...