Aşgabadyň howa menziline barýan ýoluň ugrunda täze seýilgäh açyldy

  • 16.09.2021 08:03
  • 12k+

15-nji sentýabrda Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýän döwrebap seýilgähiň hem-de Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesinde gurlan ýerasty geçelgeleriň açylyş dabaralary boldy. Olar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy.

Täze, döwrebap seýilgähiň eýeleýän meýdany 10 gektara golaý bolup, onuň merkezi böleginde Oguz hanyň ýyldyzy şekilinde ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy bina edildi. Bu ýerde suw çüwdürimlerinden başga-da, suw howdanlary, bassyrmalar, dynç alar ýaly ýerler gurnaldy, yşyklandyryş sütünleri dikildi. Uzynlygy 320 metre we ini 310 metre deň bolan döwrebap seýilgähde ekilen baglar, dürli güller hem-de döredilen gök otly ýerler suw çüwdürimleri bilen umumy sazlaşygy emele getirip, bu ýeriň howasynyň tämiz bolmagyny üpjün edýär.

Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap uzalyp gidýän täze seýilgäh zolagynda onuň bezeg aýratynlyklaryna, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegine, şäherlileriň boş wagtlaryny göwnejaý geçirmekleri üçin seýilgähiň iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülmegi ugrundaky işlere türkmen Lideriniň talap edişi ýaly çemeleşildi. Şunuň esasynda döwrebap bezeg serişdeleri we tehnologiýalary ulanylyp, olar milli binagärlik aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyryldy.


düýn 09:01
3.1k+

Çalık Enerji kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň baş hyzmatdaşy boldy

«Ak şäherim Aşgabat – 2026» XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň guramaçylyk komiteti Çalık Enerji kompaniýasyny forumyň baş hyzmatdaşy diýip yglan etdi. Çäreler 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda......

03.05.2026 16:04
1.5k+

Weli Muhadowyň döredijilik mirasy ylmy-amaly maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda türkmen kompozitory Weli Muhadowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi....

02.05.2026 14:08
11k+

Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

5-nji maýda Aşgabatda kärhanalar, guramalar, edaralar, hususy telekeçiler we şäheriň ýaşaýjylary üçin boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär....

02.05.2026 13:59
2.6k+

TÜRKSOÝ-yň opera konserti, Ýeňiş güni mynasybetli sergi we Aşgabadyň teatr premýeralary

2-nji we 3-nji maýda Aşgabatda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň opera sungatynyň ussatlarynyň gala-konsertleri geçiriler. Sahnada Azerbaýjandan,......