Daşkentde Suw meseleleri boýunça türkmen-özbek toparynyň 1-nji mejlisi geçirildi

  • 16.09.2021 07:45
  • 9.9k+

Daşkent şäherinde geçirilen Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisinde türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ş.Ganiýew başlyklyk etdiler. 

TDIM-niň Metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, mejlisiň barşynda suw hojalyk desgalaryny ulanmak we Amyderýanyň suw serişdelerinden peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň alnyp barlyşy, şeýle hem iki ýurduň çäklerindäki suw hojalyk desgalarynyň ulanylyşy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw hojalyk ulgamynda ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Suw hojalyk meseleleri baradaky döwletara utgaşdyryjy toparynyň we Durnukly ösüş baradaky döwletara toparynyň hem-de olaryň düzüm bölümleriniň uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenildi.

Mundan başga-da, suw hojalyk ulgamyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça meselelere garaldy. Mejlisiň ahyrynda taraplar Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.


şu gün 14:51
895

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň I ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär. Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler...

şu gün 13:46
407

Raşid Meredow Zambiýanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

30-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Zambiýa Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbe bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi barada pikir alşyldy...

şu gün 08:11
2.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny Kanadanyň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden...

şu gün 08:04
4.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

30-njy iýunda Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär...