Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň wise-premýerini kabul etdi

  • 15.09.2021 07:41
  • 14k+

14-nji sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäherinde geçirilýän Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewi kabul etdi. Bu barada goňşy ýurduň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň president.uz saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň ýollary, häzirki döwürde ýola goýlan gatnaşyklar barada pikir alşyldy. Soňky ýyllarda ýola goýlan ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostluk, hoşniýetlilik we strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge, anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam edýändigi bellenilip, Daşkentde geçirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we suw dolandyryş meseleleri boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisleriniň esasy netijeleri barada aýdyldy.

Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana boljak saparyna ünsli we hemmetaraplaýyn taýýarlanmagyň, ilkinji nobatda, baý gün tertibiniň döredilmeginiň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, senagat hyzmatdaşlygy taslamalarynyň, medeni-ynsanperwer ugurlaryň ösdürilmeginiň möhümdigini belledi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......