W.Hajiýew owgan meselesi boýunça sebitleýin duşuşykda çykyş etdi

  • 09.09.2021 00:47
  • 11k+

8-nji sentýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew türkmen tarapyna wekilçilik etdi. 

TDIM-niň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, geňeşmelere Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew türkmen tarapynyň goňşy ýurtdaky we tutuş sebitdäki häzirki ýagdaýlar bilen bagly bolan garaýyşlaryny beýan edip: “Bu duşuşyk Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi hem-de bu ýurduň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda sebitleýin utgaşykly çemeleşmäniň işlenilip düzülmegi ugrundaky mümkinçilik hökmünde kabul edilýär” diýip belledi. 


şu gün 16:45
245

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....