Döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak üçin täze sanaw taýýarlanyldy

  • 04.09.2021 18:42
  • 18k+

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, döwletiň garamagyndan aýyrmaga hem-de hususylaşdyrmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça seljermeler geçirildi. Häzirki wagta çenli gelip gowşan tekliplere laýyklykda, degişli sanaw taýýarlanyldy.

Bular barada 3-nji sentýabrda geçirilen Hökümetiň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow türkmen Liderine hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparynyň mejlislerinde degişli desgalary hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi. Bu sanawa “Türkmengaz” döwlet konserni boýunça 5 desga, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 3 desga, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 1 desga hem-de Lebap welaýat häkimligi boýunça 1 desga girizildi. Olary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreleriň, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmäge, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga hem-de desgalary hususylaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutany bellenen meýilnamalaryň ählisiniň öz wagtynda ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.


düýn 22:09
645

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
530

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
653

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......