Maliýe-ykdysady kynçylyklara garamazdan, türkmen ykdysadyýeti depginli ösdürilýär

  • 04.09.2021 07:19
  • 5k+

Türkmenistanyň Prezidenti dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda türkmen ýaşlarynyň innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygy, täze tehnologiýalary döretmelidigi barada aýratyn nygtap, Maslahat köşgünde geçiren umumy sapagynda Türkmenistanda ykdysadyýetiň ösüş depginlerine ýokary baha berdi.

Biz dünýädäki çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýäris. Bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrýarys. Bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýäris. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar — diýip, türkmen Lideri ýaşlaryň dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galmaly däldigini, täze ylmy işleri, düýpli açyşlary bilen özlerini öňdebaryjy nesiller hökmünde dünýä tanatmalydyklaryny nesihat etdi.

Bellenilişi ýaly, ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil hem kemala gelýär. Bilşimiz ýaly, taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyz ylymdan üzňe ýaşamandyr. Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. 


şu gün 08:13
731

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

düýn 23:15
4.3k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......