Gurbanguly Berdimuhamedow Şarl Mişel bilen Owganystandaky ýagdaýlar barada açyk gürrüň etdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Şarl Mişel bilen Owganystandaky ýagdaýlar barada açyk gürrüň etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy awgustda Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde owgan meselesi boýunça açyk gürrüň edip, bu ugurda Türkmenistanyň 3 sany çemeleşmesini mälim etdi.

Türkmen Lideri jenap Şarl Mişeliň Owganystandaky ýagdaýa berýän bahasy, şeýle hem Ýewropa tarapynyň bu ýurt bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda garaýşy bilen tanşandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany esasy ýörelgeleriň üçüsi barada durup geçdi. Häzirki döwürde goňşy ýurtda wakalaryň ösüşi bilen baglylykda, Türkmenistanyň garaýşy şol ýörelgelere esaslanýar.

  • Birinjiden, biz syýasy nukdaýnazardan Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýäris. Goňşy hem-de Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň tiz ýola goýulmagy üçin degişli gatnaşyklara we şertleriň döredilmegine ýardam etmäge taýýardyr.
  • Ikinjiden, ykdysady nukdaýnazardan iri düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem Owganystany Türkmenistan bilen birleşdirýän demir ýollaryň taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri has-da ilerletmegiň möhümdigini belleýäris.
  • Üçünjiden, parahatçylygy ýola goýmak boýunça häzirki işlere ýardam etmek üçin Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek meselesi.

Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň doganlyk owgan halkyna gös-göni ynsanperwerlik kömegini yzygiderli berýändigi bellenildi. Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna mekdepleriň, hassahanalaryň, metjidiň gurulmagy, ynsanperwer ýükleriň yzygiderli ugradylmagy Owganystan üçin uly goldaw bolup durýar.

Türkmen tarapy ýokarda görkezilen çemeleşmelere esaslanmak bilen, häzirki owgan ýagdaýynyň başlanan wagtyndan öz garaýşyny resmi taýdan beýan etdi diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Owganystana hemmetaraplaýyn ýardam etmek işinde Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň tagallalarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda bolup geçýän häzirki ýagdaýda Türkmenistanyň amala aşyrýan işleri barada durup geçmek bilen, ýurdumyzyň türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklaryny hem-de owgan halkyna zerur ynsanperwerlik goldawyny bermek boýunça anyk çäreleri görýändigine ünsi çekdi.

Hususan-da, Türkmenistan hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik energiýasy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Munuň özi Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar sebitlerini elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Şonuň bilen birlikde, türkmen-owgan serhedinde gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işlemegi üpjün edilýär. Şunda iki ýurduň ilatynyň saglygyny goramak maksady bilen, ählumumy pandemiýa şertlerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary serhetden ýük daşalanda, serhediň goralmagyny, gümrük, sanitariýa, fitosanitariýa we gözegçiligiň hem-de barlagyň beýleki görnüşlerini üpjün etmek meseleleri boýunça “Taliban” hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary amala aşyrýar.

Türkmen Lideri Owganystandaky ýagdaýyň Merkezi Aziýa ýetirýän täsiri bilen bagly meseleler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň häzirki wagtda geosyýasy nukdaýnazardan, çylşyrymly ýagdaýy başdan geçirýän sebitde ýerleşýändigini belledi.

1996 — 2001-nji ýyllarda ýurduň çäkleriniň 90 göterimi “Taliban” hereketiniň garamagynda bolan goňşy Owganystanyň taryhyndaky çylşyrymly döwürler barada aýtmak bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ýurduň halkyna ykdysady hem-de ynsanperwerlik kömegini bermegini dowam edýändigini belledi. Türkmenistanyň Mazari-Şarif we Hyrat şäherlerindäki konsullyklary şol wagtda hem işlerini dowam edip, Owganystanyň ilatyna konsullyk hyzmatlaryny bermek boýunça öz wezipelerini ýerine ýetirdiler.

Türkmenistan Owganystandaky çylşyrymly içeri syýasy ýagdaýlara garamazdan, 1999-2000-nji ýyllarda Aşgabatda “Taliban” hereketiniň hem-de şol döwürde Ahmad Şah Masudyň baştutanlygyndaky “Demirgazyk alýansyň” arasynda gepleşikleriň dört tapgyrynyň geçirilmegini gurady.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda beýan edilenleri jemläp, wakalaryň geljekde ösüşiniň goňşy ýurtdaky täze häkimiýetiň Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynyň derejesine gürrüňsiz bagly boljakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda biziň sebitimizde, hususan-da, Owganystanda we Täjigistanda aýratyn çylşyrymly wakalaryň ýaýbaňlanan döwründe ýurdumyz bosgunlaryň onlarça müňüsini kabul etdi, olara Türkmenistanyň çäginde ýaşamak üçin howpsuz şertleri döredip, ähli zerurlyklar bilen üpjün etdi. Şol sebäpli hem Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, şunuň ýaly çylşyrymly ynsanperwerlik ýagdaýlaryny oňyn çözmekde uly tejribä eýedir hem-de hiç wagt bu işlerden daşda durmady diýip, türkmen Lideri nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselede ýurdumyzyň garaýşy barada aýdyp, häzirki wagtdaky çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýlarynda bosgunlary kabul etmek baradaky çözgüde sagdyn çemeleşmegiň hem-de ynsanperwer meseleleriniň beýleki ugurlary bilen birlikde, ilkinji nobatda, örän howply koronawirus ýokanjynyň giň möçberde ýaýramak töwekgelçiligine çynlakaý baha bermegiň zerurdygyny belledi.

Halkara borçnamalaryny, şol sanda halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen, Türkmenistanyň birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Ýewropa döwletleriniň raýatlaryny Owganystandan alyp gaýtmak işleriniň bökdençsiz guralmagyny üpjün etmek üçin özüniň howa giňişligini açandygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri şu ýylyň 15-nji awgustyndan başlap, häzirki wagta çenli Owganystandan raýatlary alyp gaýdýan uçarlara ýurdumyzyň howa giňişliginden geçmek üçin onlarça ygtyýarnamanyň berlendigini, bu işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini Ýewropa Bileleşiginiň Başlygyna habar berdi.

Öz nobatynda, jenap Şarl Mişel Türkmenistanyň Baştutanynyň ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhümdigini hem-de öz wagtynda öňe sürlendigini aýdyp, Ýewropa Bileleşiginiň Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasy ugruny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi.