Giper onlaýn söwda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna 30 günläp arzanlaşyk yglan edýär

Giper onlaýn söwda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna 30 günläp arzanlaşyk yglan edýär

Giper onlaýn söwda platformasy Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 günläp sowgatly we arzanlaşyk günlerini yglan edýär.

Sowgatlar Giper-däki supermarketlerden 150 manatdan ýokary söwda eden her bir müşderä degişli bolup, günüň dowamynda bir gezek berilýär.
Eýýäm, şu günden başlan arzanlaşyklar hiç bir müşderini parhsyz goýmasa gerek.
TmCars.info Giper-iň arzanlaşyk hem-de sowgatly günlerinde müşderilere nämeleriň garaşýandygy bilen gyzyklandy.

  • 29-njy awgustda gök-bakja önümlerine -40%-e çenli arzanlaşyk garaşýar;
  • 30-njy awgustda «Snickers» (50g) sowgat;
  • 31-nji awgustda «Şokokrem» (250g) sowgat;
  • 1-nji sentýabrda «Titiz» gap-gaç ýuwujy serişdesi (750 ml) sowgat;
  • 2-nji sentýabrda «Molto Buono» makarony (400g) sowgat;
  • 3-nji sentýabrda «Sap» çygly süpürgiçleri (120 s);
  • 4-nji sentýabrda «Hyleys» çaýy (20 s) sowgat;
  • 5-nji sentýabrda gök-bakja önümlerine -30%-e çenli arzanlaşyk

Arzanlaşyklar, sowgatly aksiýalar Giper-de birinji gezek däl. Mundan öň hem onlaýn söwda platformasy dürli arzanlaşyklary geçirip, müşderileriniň hoşallygyny gazanyp gelýär.
2019-njy ýylda işe girizilen Giper Türkmenistanda onlaýn söwda işini guramak boýunça öňdebaryjy söwda platformasy bolup durýar. Müşderileriniň isleglerini kanagatlandyrmak, harytlaryň sanyny hem-de görnüşlerini yzygiderli artdyrmak, galyberse-de, olaryň ýokary hil derejesini we tiz wagtda sargytça ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Giper oňyn seslenmä eýedir.

Giper mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen her bir raýatymyzy tüýs ýürekden gutlap, maşgala abadançylygyny, rysgal-bereket arzuw edýär.

Giper onlaýn söwda platformasy Play Market-den hem-de App Store-den ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993-62-00-68-19+993-62-24-43-19
Web saýt: gipertm.com