Daniýada ýagyş suwy alternatiw çeşme hökmünde ulanylýar

  • 29.08.2021 02:38
  • 8.8k+

Daniýada ilkinji gezek gaýtadan işlenen ýagyş suwuny ulanmak boýunça uly synag taslamasy synagdan geçirilýär. Nýue şäherinde suwy arassalaýan ýörite ulgam oturdylýar. Şeýlelikde, bu suw egin-eşikleri ýuwmak we öýleri arassalamak üçin ulanylyp bilner diýip, euronews.com belleýär.

Taslamanyň maksady şäheri suw joşgunlaryndan goramak we suw ätiýaçlygyny tygşytlamakdan ybarat, sebäbi bu çeşme geljekde tükenip biler.

Arhitektor Malene Brýonbergiň öýünde eýýäm şeýle ulgam bar. “Bu wyždanyň sesi. Biziň maşgalamyzda çagalar bar, şonuň üçin biziň öýümizde köp kir ýuwulýar. Biz häzirki hereket düzgünlerini üýtgedip, alternatiw çeşmeleri ulanyp bilýändigimize begenýäris”.

Nýue şäheriniň administrasiýasy şeýle etmek bilen ýerasty suwlaryň ulanylyşyny üçden bir bölege azaltmagy meýilleşdirýär.

Daniýada howanyň üýtgemeginiň netijelerine düýpli taýýarlyk görülýär. Ýurduň munisipalitetleriniň 99%-i suw joşgunynyň bolup biljek ýerlerini görkezýän ýörite kartany işläp taýýarladylar. Maglumatlar 70 ýyl öňünden göz öňünde tutuldy.


15.03.2024 05:45
9.2k+

Daniýaly alymlar harabalygyň astynda galanlary gözlemek üçin ýylan-robot döretdiler

Daniýaly alymlar gözleg-halas ediş işleri wagtynda barmasy kyn ýerlerde diri galanlary gözläp bilýän ýylan roboty döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Günorta Daniýa uniwersitetiniň (SDU) alymlary tarapyndan...

31.12.2021 18:45
6.7k+

Sprout startapy galyndysyndan arça ösdürip bolýan galam döretdi

Internetde Daniýanyň Sprout startapynyň üýtgeşik täzeligi hakynda maglumatlar peýda boldy. Kompaniýa galyndysyndan Täze ýyl arçasyny ösdürip bolýan galamyň önümçiligine başlady. Bu barada Euronews-a salgylanyp...

düýn 23:19
1.1k+

Saturnyň hemrasynda hatda ýeňiljek şemal hem uly tolkunlary döredip biler

Planetologlar tolkunlaryň emele gelişiniň mehanizmlerini düşündirýän uniwersal fiziki modeli işläp düzdi. JGR Planets žurnalynda çap edilen bu barlag Saturnyň Titan atly hemrasynda, hatda örän gowşak ýelleriň......

düýn 18:12
2.7k+

Ýagşyň sesi şalynyň gögerişini çaltlaşdyrýar

Amerikaly alymlar ýagşyň sesiniň şaly tohumlarynyň gögerişini çaltlaşdyryp biljekdigine göz ýetirdiler. Barlagyň netijesine görä, düşýän damjalardan çykýan akustiki tolkunlar ösümligiň öýjüklerinde titremäni......