Sentýabr aýynda Garaşsyzlyk mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler

  • 28.08.2021 12:31
  • 28k+

Hökümetiň 27-nji awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Mämmedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem sentýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň sanawy barada hasabat berdi.

Hususan-da:

  • Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli döredijilik duşuşyklary, sanly ulgam arkaly maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly çykyşlar, şygryýet agşamlary, mowzuklaýyn maslahatlar geçiriler we yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler.
  • 1-nji sentýabrda Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyrylar. Şeýle hem täze umumybilim berýän mekdepleriň açylyş dabaralary geçiriler.
  • Sentýabr aýynda dürli maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki täze binalaryň açylyş dabaralary bolar.
  • 27-nji sentýabrda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar guralar. Şanly sene mynasybetli Aşgabatda dabaraly baýramçylyk ýörişi, sungat ussatlarynyň konserti we feýerwerk geçiriler.
  • 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary guralar.
  • Sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlyk yglan ediler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine taýýarlyk meselelerine jogapkärçilikli, toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belläp, sentýabr aýynda medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň sanawyny makullady we ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


şu gün 10:10
1.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.8k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.3k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......