Hytaý şahsy maglumatlary goramak barada täze kanun kabul etdi

  • 22.08.2021 09:31
  • 5.9k+

Hytaýda şahsy maglumatlary goramak barada täze kanun kabul edildi. Bu kanun 2021-nji ýylyň 1-nji noýabrynda güýje girer. Täze kanunyň kabul edilmegini Ählihytaý halk wekilleriniň ýygnagynyň hemişelik komiteti goldady diýip, Sinhua agentligi habar berýär. Maglumatlary ýygnamaga diňe ulanyjynyň razylygy bilen rugsat berler, bu biometrik, geolokasiýa, lukmançylyk we maliýe maglumatlaryna degişlidir.

Kanuna laýyklykda, mahabat maglumaty ýaýradylanda ýa-da täjirçilik marketingi geçirilende, ulanyjylara hökmany ýagdaýda adamlaryň şahsy taraplaryna degmeýän saýlama mümkinçiligi hödürlenmeli, şeýle-de gelýän maglumaty gadagan etmäge mümkinçilik bermelidir.

Kanunda ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny bikanun işleýän programmalaryň hyzmatlaryny togtatmak ýa-da bes etmek talaplary hem bar. 

Hytaýda ýakyn wagtda kameralaryň we datçikleriň kömegi bilen “akylly awtomobiller” tarapyndan ýygnalýan şahsy maglumatlary goramak boýunça hem kanunyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar. Resminamada bu maglumatlaryň gözegçilik ediji döwlet edaralarynyň razylygy bolmazdan beýleki guramalara geçirilip bilinmejekdigi görkeziler diýip, kapital.kz belleýär.


18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....