Türkmenistanda VI Hazar sammiti geçiriler

  • 15.08.2021 09:09
  • 9.9k+

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky işleri boýunça wagtlaýyn ynanylan wekili Konstantin Şlykow Russiýanyň türkmen häkimiýetleriniň şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda Hazar döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy sammitini geçirmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berýändigini aýtdy.

“Bu waka, gürrüňsiz, kenarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygyny güýçlendirer, oňa täze itergi berer. Häzirki wagtda, Hazar sebitine parahatçylyk, durnuklylyk we birek-birege ynam şertlerinde halklarymyzyň bähbidi üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň göreldesi bolup galmagyna mümkinçilik berýän hemişelik esasda tagallalary etmek möhümdir "- diýip Şlykow Hazar deňziniň güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen ylmy-amaly maslahatda belledi.

Şlykowyň pikiriçe, häzirki wagtda sammitde garalmaga hödürlenjek köp sanly resminamalar toplumy işlenip düzülýär. Türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, sammitde beýleki meseleler bilen bir hatarda, Hazar deňzinde ylmy barlaglary we gözleg-halas ediş işlerini geçirmek boýunça ylalaşyklary kabul etmek meýilleşdirilýär.

Şol bir wagtyň özünde, Russiýa sammitde daşky gurşawyň howpsuzlygyny goramak, şol sanda ekologiýa howpsuzlygy meselelerine garalmagyna garaşýar.

Hazar döwletleriniň baştutanlarynyň öňki sammiti 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirildi. Şol sammitde 20 ýyldan gowrak wagt bäri bäş taraplaýyn formatda ara alnyp maslahatlaşylan Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýa gol çekdi.


29.11.2025 21:42
2.4k+

CESI kompaniýay Hazarüsti ýaşyl energetika geçelgesiniň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň birinji tapgyryna başlaýar

Hazarüsti ýaşyl energetika geçelgesi (Merkezi Aziýa – Azerbaýjan) atly strategik taslamany durmuşa geçirmegiň wajyp tapgyry başlandy. Halkara bäsleşigiň netijesinde Italiýanyň CESI S.p.A. kompaniýasy taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň (TYE) birinji tapgyryny ýerine ýetirer...

28.11.2025 12:26
7.9k+

Hazarda 2026-njy ýylda bekre balyklaryň önümçilik maksatly tutulmagyna ýol berilmezlik boýunça çözgüt kabul edildi

24–26-njy noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we olaryň bilelikdäki gorlaryny dolandyrmak baradaky toparyň 9-njy mejlisi geçirildi...

22.11.2025 14:11
5.6k+

Balkan welaýatynyň häkimi Eýranda Hazarýaka döwletleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşdy

18-19-njy noýabrda türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Reşt şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka sebitleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşdy...

19.10.2025 17:16
2.6k+

Hazarýaka döwletleriň bilermenleri bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny maslahatlaşdylar

13–17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriň bilermenleriniň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi...