ABŞ-da 1790-njy ýyldan bäri ilkinji gezek akýagyz ilatyň azalandygy hasaba alyndy

  • 15.08.2021 01:14
  • 6.8k+

Özlerini akýagyz jynsyň wekilleri hasaplaýan amerikalylaryň sany 1790-njy ýylda ABŞ-da ilat ýazuwy geçirilip başlanandan bäri ilkinji gezek azaldy. Bu barada ABŞ-nyň ilat ýazuwy býurosynyň maglumatlaryna salgylanyp, “The Washington Post” gazeti habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Bu hasaplamalara görä, 2020-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň jemi boýunça akýagyz ilatyň sany 204,3 mln adama çenli azaldy. 2010-njy ýylda bu görkeziji 223,6 mln adama deňdi. Şeýlelik bilen, azalma 8,6% boldy.

Şunuň bilen birlikde, akýagyz adamlar göterim gatnaşygynda ilatyň 60%-den hem az bölegini emele getirdi. Häzir olar 57,8%, 2010-njy ýylda bu görkeziji 63,7% bolupdy.

Waşingtonyň Brukings institutynyň demografiýa boýunça hünärmeni Uilýam Freýiň pikiriçe, akýagyz ilatyň azalmagyny 2007-2008-nji ýyllaryň maliýe-ykdysady çökgünliginden soň ak bedenli amerikalylaryň ýaş nesilleriniň arasynda dogluş derejesiniň pese düşmegi, şeýle-de opioid çökgünliginiň täsiri bilen hem düşündirip bolar. 

Öň, ABŞ-nyň ilat ýazuwy býurosy ýurduň ilatynyň sanynyň soňky on ýylda 22,7 mln adam ýa-da 7,4% artandygyny habar berdi. Bu taryhyň dowamynda ikinji has pes görkezijidir. Ondan öň bu görkeziji 1930 – 1940-njy ýyllar aralygynda, ýagny Beýik çökgünlik döwründe has pes bolupdy. Şonda ilatyň sany 7,3% artdy. 2000 – 2010-njy ýyllarda ilatyň ösüş depgini 9,7% boldy.


16.03.2026 19:31
4.4k+

Gawaýidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

Gawaýi adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy...

12.03.2026 23:40
12k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy...

25.02.2026 10:24
15k+

ABŞ-nyň gündogar kenarýakasynda güýçli gar höküm ýöredýär. Boýy bilen gara çümen Nýu-Ýorkuň suratlary

Soňky on ýylyň içinde bolup geçen iň güýçli gar boragany ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda köpçülikleýin elektrik togunyň kesilmegine we ulag gatnawynyň doly togtamagyna getirdi. Meteorologlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ştatlarda bir gije-gündiziň dowamynda 60 santimetrden köp gar ýagdy...

23.02.2026 13:55
13k+

Güýçli gar sebäpli ABŞ-da adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda höküm sürýän syrgynly gar sebäpli 60 milliondan gowrak adam adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň täsir zolagyna düşdi. Bu barada Hill neşiri habar berýär. «Delawer, Massaçusets, Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Pensilwaniýa we Rod-Aýlend ştatlary adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, bu bolsa 60 milliondan gowrak adama täsir etdi» diýlip, habarda aýdylýar...