Facebook işgärleriň ofislere gaýdyp barmagyny 2022-nji ýyla çenli süýşürdi

  • 14.08.2021 09:16
  • 3.7k+

Facebook amerikan kompaniýasy koronawirusyň delta görnüşiniň ýaýramagy sebäpli işgärleriniň iş ýerine dolanmaklygyny 2022-nji ýylyň başyna süýşürmek kararyna geldi. Bu barada CNBC teleýaýlymy habar berýär diýip, TASS belleýär.

“Duşuşyklar däl-de, maglumatlar biziň ofislere gaýdyp barmagymyza itergi berýär. Delta görnüşi sebäpli koronawirus bilen keselleme ýagdaýynyň sanynyň ýokarlanýandygy baradaky soňky maglumatlary göz öňünde tutup, biziň ABŞ-daky toparlarymyza 2022-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli ofislere gaýdyp barmak barada tabşyryk berilmez” – diýip, teleýaýlym kompaniýanyň beýannamasyny getirýär.

ABŞ-da soňky wagtlarda delta ştamynyň ýaýramagy sebäpli koronawirusa garşy göreşmek boýunça goşmaça çäreler girizilýär. Kesellere gözegçilik we öňüni alyş boýunça federal merkezleriň maglumatlaryna görä, ýurtdaky kesel ýagdaýlarynyň 83%-i onuň paýyna düşýär.

11.05.2026 11:37
4.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.8k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......