AnTuTu iň gowy Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi

  • 13.08.2021 17:05
  • 11k+

AnTuTu bençmarkynyň topary Android operasion sistemasynyň esasynda işleýän iň gowy smartfonlaryň täze reýtingini neşir etdi. Gurluşlar baha – öndürijilik gatnaşygy boýunça deňeşdirildi diýip, pepelac.news habar berýär.

300 dollara çenli kategoriýada birinji orny 6/128 GB wersiýada Redmi Note 10 Pro eýeledi, ikinji orunda Realme Q3 Pro 8/128 GB ýerleşdi, liderleriň üçlügini Redmi K40 6/128 GB jemleýär.

310-dan 463 dollara çenli kategoriýada Redmi K30S Extreme Commemorative Edition lider boldy, ikinji orny Redmi K40 Game Enhanced Edition smartfony, üçünji orny iQOO Neo5 Vitality Edition eýeledi.

464-den 618 dollara çenli kategoriýada birinji orunda 12 GB operatiw ýady we 256 GB fleş ýady bolan Redmi K40 Pro+ ýerleşýär. 619-dan 772 dollara çenli kategoriýada birinji orny 12 GB operatiw we 256 GB fleş ýady bolan Black Shark 4 Pro eýeleýär.

772 dollardan ýokary bahaly iň gymmat smartfonlaryň arasynda Oppo Find X3 Pro 12/256 GB birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda 8/256 GB ýatly Xiaomi Mi 11 Ultra, üçünji orunda 12/256 GB ýatly Vivo X60 Pro+ ýerleşýär. 

şu gün 12:43
1.2k+

Täze at bilen öňki smartfon: Samsung kompaniýasy Galaxy S26 seriýasyny hödürledi

25-nji fewral agşamy geçirilen «Galaxy Unpacked» tanyşdyrylyşynda Samsung kompaniýasy resmi taýdan özüniň täze flagman seriýasyny — Galaxy S26-ny hödürledi. Bu hatara üç model: Galaxy S26, S26+ we S26 Ultra girdi...

düýn 06:26
1.8k+

Aýnadaky ...ýatkeşlik? Microsoft maglumatlary «ebedi» saklamagyň ugruny tapdy

Microsoft-yň barlagçylary Project Silica taslamasynyň çäginde femtosekund lazerleriniň kömegi bilen borosilikat aýnasynda arhiw maglumatlaryny saklamak ulgamyny döretdiler. "Nature" žurnalynyň habar bermegine görä, bu tehnologiýa maglumatlary hatda 290 gradus Selsiý gyzgynlykda hem 10 000 ýyla çenli okalýan görnüşde saklamaga mümkinçilik berýär...

24.02.2026 14:19
2.5k+

ChatGPT-de 20 dollarlygy az, 200-ligi gymmat görýänler üçin 100 dollarlyk nyrhnama peýda bolar

ChatGPT web goşundysynyň kodunda aýda 100 dollar bahasy bolan täze Pro Lite tarif nyrhnamasy baradaky maglumatlar tapyldy. Bu barada OpenAI-niň täzeliklerinden takyk maglumatlary paýlaşmakda tanalýan barlagçy Tibor Blaho habar berdi...

23.02.2026 23:31
1.2k+

Apple emeli aňa iPhone-da internetsiz işlemegi öwredýär

Apple kompaniýasy Ferret-UI Lite atly 3 milliard parametrli, gysga göwrümli emeli aň modeliniň barlagyny çap etdi. Model maglumatlary serwerlere ibermezden, göni enjamyň özünde işlemäge niýetlenendir. Şeýle-de ol  programmalaryň interfeýsindäki elementleri tanamaga we ulanyjynyň adyndan hereketleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr...