Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi ikinji çärýekde 25,5 mlrd dollara çenli ýokarlandy

Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi ikinji çärýekde 25,5 mlrd dollara çenli ýokarlandy

Nebiti gazyp almak we ätiýaçlyklary boýunça dünýäde iň uly kompaniýa bolan Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça bir ýyl ozalky 6,6 mlrd dollara garanda, 25,5 mlrd dollara barabar boldy diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar. Bu barada TASS belläp geçýär. Şeýlelik bilen, görkeziji 3,9 esse ýokarlandy.

Kompaniýa girdejiniň ösüşini dünýä ýagdaýynyň gowulaşmagy, nebite bolan islegiň ýokarlanmagy, koronawirusa garşy köpçülikleýin sanjym arkaly çäklendiriji çäreleriň gowşadylmagy bilen baglanyşdyrýar. Saudi Aramco-nyň diwidend mukdary ikinji çärýegiň jemi boýunça 18,8 mlrd dollar bolar.

Ýarym ýylyň içinde kompaniýa bir ýyl ozalky 23,2 mlrd dollara garanda, 47,2 mlrd dollar möçberinde arassa girdeji aldy. 

Saudi Aramco-nyň peýdalanylman duran pul akymy ýyldan ýyla üç esseden gowrak ýokarlanyp, 22,6 mlrd dollar boldy. Kompaniýanyň kapital çykdajylary ýyldan ýyla 20% ýokarlanmak bilen, optimizasiýadan soň 7,5 mlrd dollara barabar boldy.

Kompaniýada çärýegiň jemi boýunça önümçiligiň ortaça derejesi bir günde 11,7 mln barrel nebit ekwiwalenti boldy.