USAID Türkmenistanda haýsy taslamalary durmuşa geçirýär?

USAID Türkmenistanda haýsy taslamalary durmuşa geçirýär?

ABŞ-nyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça agentligi (USAID) Türkmenistanda sebit ähmiýetli birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär. Şol taslamalaryň ileri tutulýanlary barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölüminiň ýolbaşçysy Stiwen Gaýs gürrüň berdi.

Trend agentligi şol taslamalaryň sanawyny getirýär:

  • USAID’s Future Growth Initiative. Bu taslama bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak, iş orunlary döretmek we sebitde işçi güýjüniň girdejilerini artdyrmak maksady bilen tutuş Merkezi Aziýanyň öndürijilikli ykdysady işjeňligini kadalaşdyrmaga niýetlenen;
  • USAID’s Competitiveness, Trade and Jobs. BU taslama bäş sany Merkezi Aziýa döwletinde söwdany we bagbançylykda, ulag we logistikada iş üpjünçiligini ösdürmäge ýardam edýär;
  • USAID’s Central Asia Regional Electricity Market. Bu taslama elektrik energiýasynyň sebit bazarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we elektrik energiýasynyň söwdasyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
  • USAID’ Power the Future activity. Bu taslama energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmaklygy giňeltmegiň we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagyň hasabyna Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady taýdan netijeli, pes emissiýaly, energiýa taýdan howpsuz we howanyň üýtgemegine durnukly ykdysadyýete geçmek işini çaltlandyrmaga ýardam eder.
  • USAID-funded Safe Migration in Central Asia – adam söwdasynyň öňüni amak, ejir çekenleri goramak we howpsuz migrasiýa ýardam etmek maksady bilen, hökümetiň, hökümete degişli bolmadyk edaralaryň we hususy taraplaryň netijeliligini we özara hasabatlylygyny berkitmek üçin delillere daýanýan usullary we serhetara gatnaşyklaryny ulanýar;
  • USAID’s Eliminating Tuberculosis in Central Asia –  dermana durnukly inçekeseli ýüze çykarmaklygy we bejermekligi gowulandyrmak üçin ýerli we sebit mümkinçiliklerini berkidýär.
  • Ending Drug-Resistant Tuberculosis in Central Asia –Merkezi Aziýada inçekesele garşy göreşe gönükdirilen ýene-de bir  taslama. Ol toplumlaýyn köpdüzümli çemeleşmäniň esasynda milli maksatnamalary goldamaga gönükdirilendir.

ABŞ-nyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça agentligi (USAID) Türkmenistandaky işini 1992-nji ýylda başlady.