61 döwletiň wekili Tokio Olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmaz

61 döwletiň wekili Tokio Olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmaz

61 döwletiň türgenleri Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşyp bilmezler. Bu barada Olimpiadanyň Guramaçylyk Geňeşi habar berdi.

Häzirki wagtda 61 döwletiň türgeni Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmaz — diýip, TASS Geňeşiň sözlerini getirýär.

Oýunlaryň ýapylyş dabarasy 8-nji awgustda Tokiodaky Milli stadionda tomaşaçysyz geçiriler. Dabara aşgabat wagty bilen 16:00-da başlanar. Dabarany göni ýaýlymda «Rossiýa 1» teleýaýlymy görkezer.

Belläp geçsek, Tokiodaky oýunlara 205 sany Milli olimpiýa Komitetleri gatnaşdy. Olimpiadanyň maksatnamasyna laýyklykda, sportuň 33 görnüşi boýunça 339 medal toplumy oýnaldy.