Lionel Messi «Barselonany» terk etdi

  • 05.08.2021 23:15
  • 32k+

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi «Barselona» futbol klubuny terk etdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär.

Klub Ispaniýanyň çempionatynyň maliýe düzgünleri zerarly 34 ýaşly futbolçy bilen täze şertnama baglaşyp bilmedi.
Messi «Barselonanyň» düzüminde professional karýerasynyň tutuş dowamynda çykyş edip gelýär. Ol katalon klubunyň düzüminde 2004-nji ýylyň oktýabrynda çykyş edip başlady.


düýn 18:12
4.6k+

Meksika KONKAKAF Kubogynyň finalynda ABŞ-ny utdy

ABŞ-nyň milli ýygyndysy Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň (KONKAKAF) Altyn kubogynyň finalynda Meksikadan 1:2 hasabynda utuldy. Oýun Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirildi...

düýn 10:47
2.4k+

Messi we adidas täze Superstar krossowkasyny çykardy

Futbolçy Lionel Messi adidas brendi bilen täze hyzmatdaşlygyny – iki reňkde Superstar krossowkasyny hödürledi. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Modelleriň biri Messiniň 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän “Inter Maýami” klubundan ylham alýar...

06.07.2025 20:11
10k+

UEFA “Çelsä” €31 mln, “Barselona” €15 mln jerime saldy

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) “Çelsä”, “Barselona” we ýene on kluba maliýe fair play düzgünlerini berjaý etmändigi üçin jerime saldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Klublaryň maliýe gözegçilik edarasynyň (CFCB) birinji palatasy London klubuna 31 mln ýewro, katalon klubuna bolsa 15 mln ýewro jerime saldy...

06.07.2025 11:52
9k+

Klublaýyn dünýä çempionaty: “PSŽ” dokuz bolup “Bawariýany” utdy, “Real” “Borussiýadan” üstün çykdy

“Pari Sen-Žermen” fransuz klubunyň futbolçylary Klublaýyn dünýä çempionatynyň dörtden bir finalynda Mýunheniň “Bawariýasyny” utdy. Atlantadaky duşuşyk parižlileriň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Oýnuň 78-nji minutynda Dezire Due hasaby açdy...