Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi

  • 04.08.2021 01:53
  • 13k+

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde dostlukly döwletiň Baştutany Awazada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Täjigistanyň Prezidentini resmi adamlar garşy aldylar.
Howa menzilinden döwlet Baştutanynyň ulag kerweni «Oguzkent» myhmanhanasyna ugrady, ol ýerde öňküsi gün ýurdumyza gelen Täjigistanyň wekiliýeti ýerleşdirilipdi. Döwlet saparynyň çäklerinde täjik wekiliýetiniň düzümine daşary işler, ykdysadyýet, energetika we suw serişdeleri, ulag, medeniýet ministrleri, Maýa goýumlar boýunça geňeşiň başlygy, demir ýol edarasynyň we Söwda edarasynyň ýolbaşçysy we beýleki hökümet agzalary girýär.
Çarşenbe güni Täjigistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.


12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......