Olimpiadadaky ýeňşi üçin türgenler näçe gazanýarlar?

Olimpiadadaky ýeňşi üçin türgenler näçe gazanýarlar?

Ýaponiýanyň paýtagtynda koronawirus pandemiýasy sebäpli bir ýyl yza süýşürilen tomusky Olimpiýa oýunlary dowam edýär. Altyn medalyň eýeleri Oýunlara gatnaşmak bilen 15 müň dollardan bir million dollara çenli gazanýarlar diýip, passion.ru belleýär.

Pul baýragynyň möçberi boýunça birinji orunda Singapuryň türgenleri durýar. Her bir altyn medal üçin döwlet Olimpiada gatnaşyjylara 1 mln dollar töleýär. Onuň yzyndan Indoneziýa bilen Gonkong gelýär. Olaryň pul baýraklary, degişlilikde, 746 we 664 müň dollara barabar.
Öňki Sowet Soýuzynyň ýurtlaryndan iň uly möçberli baýraklar Gruziýanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň (322, 250 we 248 müň dollar) türgenlerine garaşýar. Iň ýokary baha üçin iň pes “zähmet haklaryny” Russiýanyň (55 müň dollar), ABŞ-nyň (37,5 müň dollar), Germaniýanyň (22 müň dollar) we Kanadanyň (15 müň dollar) türgenleri alýar.
Dürli ýurtlaryň arasynda sanlaryň şeýle tapawudy käbir gatnaşyjylaryň görkezijileriniň pesligi sebäpli, döwletleriň türgenleri üstünlik gazanmaga höweslendirmek we Olimpiadada ýurduň statusyny ýokarlandyrmak üçin baýragyň möçberini artdyrmaly bolýandygy bilen hem baglanyşyklydyr. 
Ýöne medal eýeleriniň köpüsi hususy karýerasyny ösdürmek maksady bilen Oýunlara gatnaşýarlar. Oýunlara gatnaşmak we üstesine-de ýeňiş gazanmak türgene meşhurlyk gazanmaga kömek edýär. Baýraklary bolsa olar, köplenç, pul görnüşinde däl-de, gozgalmaýan emläk ýa-da awtoulag görnüşinde alýarlar.