Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasy nähili amala aşyrylýar?

  • 29.07.2021 15:34
  • 61k+

Temmäki önümleriniň söwda Kadalaryny tassyklamak hakynda Buýruk kabul edildi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda çykaran 55 belgili buýrugy bilen “Temmäki önümleriniň söwda Kadalary” kabul edildi

Şu Kadalar temmäki önümleriniň söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär, şeýle hem satyjy bilen sarp edijiniň arasynda ýüze çykýan özara gatnaşyklary düzgünleşdirýär we sarp edijileriň hukuklaryny goramaga, ýokary hilli we howpsuz harytlaryň ýerlenilmegine hem-de hyzmat etmegiň medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şu Kadalaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäginde temmäki önümleriniň söwdasyny amala aşyrýan şahslar  tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.
Bu Kadalarda, Temmäki önümleriniň görnüşleri kesgitlenilýär we  Temmäki önümleriniň Türkmenistana getirilmegi we olaryň lomaý  we  bölek söwdasy barada düzgünler bellenilýär.
Türkmenistanyň çäginde temmäki önümleriniň bölek söwdasy şu aşakdakylaryň bolmagynda amala aşyrylyp bilner:
1) temmäki önümleriniň ýerlenilmegi üçin ygtyýarnama;
2) temmäki önümleriniň laýyklyk sertifikaty ýa-da onuň bellenilen tertipde şaýatlyk edilen nusgasy;
3) temmäki önümleriniň bellenilen talaplara laýyk gelýändiginiň tassyklanylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan belgilenmeler;
4) aksiz belgisi (markasy);
5) temmäki önümleriniň gelip çykyşyny tassyklaýan resminama;
6) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, elektron gözegçilik kassa enjamy ýa-da ýörite kompýuter ulgamlary;
7) temmäki önümleriniň kämillik ýaşyna ýetmediklere satylmagynyň gadagan edilýändigi hakynda temmäki önümleriniň satylýan ýerlerindäki bildirişler.


düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
4k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......