Tailandly Wongpattanakit taekwondo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Tailandly Wongpattanakit taekwondo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Tailanddan taekwondoçy Panipak Wongpattanakit Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda 49 kg çenli agram kategoriýasynda altyn medal gazandy. Finalda ol ispaniýaly Adriana Seresodan üstün çykdy.

Bürünç medallary Ysraýylyň wekili Abişag Semberg we serb Tiýana Bogdanowiç aldy.
Wongpattanakit 23 ýaşynda, ol 2016-njy ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal gazandy. Tailandly türgen 2015-nji (46 kg çenli) we 2019-njy ýylda (49 kg çenli) dünýä çempiony boldy.