Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji ýaryşlary başlandy

Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji ýaryşlary başlandy

Tokioda geçirilýän Oýunlaryň çäginde ilkinji Olimpiýa ýaryşy başlandy. Ýaponiýanyň softbol boýunça zenan ýygyndysy Fukusima stadionynda 8-1 hasabynda Awstraliýanyň toparyny utdy diýip, TASS habar berýär.

Olimpiadanyň açylyş dabarasy 23-nji iýulda geçiriler. Adatça, käbir ýaryşlar Oýunlaryň resmi başlamagyndan ir başlaýar. 1996-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiadanyň ýaryş maksatnamasyny futbol açmady.
Softbol 1996-njy ýyldan 2008-nji ýyl aralygynda Olimpiadanyň maksatnamasyna girdi. Üç gezek altyn medaly ABŞ-nyň milli ýygyndysy, bir gezek Ýaponiýanyň topary aldy. Sportuň bu görnüşi 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek indiki tomusky Olimpiýa oýunlarynda bolmaz.
Tokiodaky ýaryşda alty topar – Awstraliýanyň, Kanadanyň, Italiýanyň, Meksikanyň, ABŞ-nyň (häzirki dünýä çempiony) we Ýaponiýanyň milli ýygyndylary çykyş eder. Olar öz aralarynda bir aýlawly ýaryş geçirerler, onuň jemi boýunça iň gowy iki topar altyn medal üçin bäsleşer, üçünji we dördünji toparlar bürünç medal ugrunda oýnarlar. Çarşenbe güni Italiýa – ABŞ we Meksika – Kanada duşuşyklary geçiriler. Ýaryş 27-nji iýulda tamamlanar.
21-nji we 22-nji iýulda oýunlar Fukusima stadionynda geçiriler. Beýleki oýunlaryň ählisi Iokogamada geçiriler. 
Softbol beýsboluň şikes howpy pes bolan görnüşidir. Bu oýun üçin ýumşak top we uly taýak ulanylýar, meýdança beýsboldan kiçi we oýun dokuz däl-de, ýedi inning dowam edýär.