«Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde energiýa mümkinçilikleri

  • 20.07.2021 17:25
  • 6.7k+

Energetika ulgamynyň hem toplumlaýyn ösdürilmeginde ekologiýa abadançylygynyň, daşky gurşawyň arassalygynyň kesgitleýji ölçeg bolmagy hemişe üns merkezinde saklanylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm ähmiýete eýedir.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak bilen energiýany öndürmek, energetika ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak bu ugurdaky kanunçylygyň esasy maksady bolup durýar. Gün energiýasy, ýel energiýasy, suw akymlarynyň tebigy hereketiniň energiýasy, Ýeriň we daşky gurşawyň ýylylyk energiýasy we beýlekiler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini emele getirýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekediniň taslamasynyň hödürlenmegi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek bilen bagly işleriň netijeliligine şaýatlyk edýär. Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik beketleri goşmaça tebigy gazy sarp etmezden, öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, daşky gurşawa gidýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berer.

şu gün 11:05
2.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.6k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......