Tokioda HOK-nyň sessiýasyna gatnaşyjylar pandemiýanyň pidalaryny bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyraladylar

Tokioda HOK-nyň sessiýasyna gatnaşyjylar pandemiýanyň pidalaryny bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyraladylar

20-nji iýuldan 21-nji iýul aralygynda Tokioda geçirilýän Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) sessiýasyna gatnaşyjylar täze koronawirus pandemiýasynyň pidalaryny bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyraladylar diýip, TASS habar berýär.

Sessiýa gatnaşýan Ýaponiýanyň premýer-ministri Ýosihide Sugo ýapon häkimiýetleriniň Olimpiýa oýunlaryny howpsuz görnüşde geçirmek isleýändigini tassyklady. “Ýaponiýanyň ýaşaýjylarynyň durmuşy we saglygy biziň üçin birinji ýerde durýar, biz türgenleriň hem ýaryşlarda arkaýyn çykyş edip bilmekleri üçin mümkin bolan tagallalary edýäris. Biz Oýunlary howpsuz görnüşde geçirmegi ýüregimize düwdük” – diýip, Sugo belledi.
HOK-nyň prezidenti Tomas Bah Olimpiýa oýunlary sebäpli dünýä jemgyýetçiliginiň ýaponlara haýran galjakdygy baradaky pikiri aýtdy.

“Ahyrsoňy, garaşylýan pursat gelýär [Olimpiadanyň başlanmagy]. Meniň pikirimçe, milliardlarça adam ýaryşlara tomaşa etmek bilen Ýaponiýanyň halkyna haýran galar” – diýip, Bah aýtdy.

HOK-nyň agzalarynyň sessiýasynda Ýaponiýanyň pandemiýa şertlerinde Oýunlara taýýarlygyna baha berler. Sessiýanyň ikinji güni 2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň paýtagty saýlanar. HOK-nyň ýerine ýetiriji komiteti geçen aý sessiýa ýeke-täk dalaşgäri – Awstraliýanyň Brisben şäherini tassyklamagy maslahat berdi. Şeýle-de, sessiýanyň çäginde HOK-nyň ýolbaşçy wezipeleri üçin saýlawlar geçiriler.