Ýere şäher ululygyndaky asteroidleriň gaçandygy anyklanyldy

  • 14.07.2021 12:15
  • 19k+

Alymlar ir döwürlerde Ýere ululy-kiçili jisimler gaçypdyr diýip çaklaýarlar. Indi bolsa olar planeta gaçan käbir asteroidleriň häzirki zaman şäherleriniň ululygynda bolan bolmagynyň mümkindigini anykladylar. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Gynansagam, Ýerde del jisimler bilen çaknyşmagyň krater görnüşindäki yzlary ýok diýen ýaly. Olar plitalaryň hereketi we atmosfera hadysalary sebäpli ýitip gidýärler. Şeýle-de bolsa, käbir dag jynslarynda çaknyşma alamatlary saklanyp galypdyr.
Bu alamatlar alymlara täze urgy akymynyň modelini döretmäge kömek etdi. Barlagçylar 3,5-2,5 milliard ýyl ozal Ýere del jisimleriň ozal pikir edişinden 10 esse köp düşen bolmagy mümkin diýen karara geldiler. Aýdylmagyna görä, olaryň käbiri has ullakan bolupdyr. Umuman alanyňda planetamyza, ortaça, her 15 million ýyldan uly asteroidler gaçýar diýip, alymlar pikir edýärler.


27.02.2026 20:58
3.1k+

Tirannozawr reks: sekiz tonnalyk «towuk» ýaly hereket edipdir

"Ýura döwrüniň seýilgähindäki" (film) ýeri sarsdyryp ýöreýän agyr tirannozawr reks baradaky düşünjämizi gaýtadan gözden geçirmeli bolarys. Royal Society Open Science žurnalynda çap edilen täze ylmy barlag, hek asyrynyň bu gazaply ýyrtyjysynyň häzirki zaman guşlaryna meňzeş ýagdaýda, ýagny aýaklarynyň barmaklarynyň ujunda hereket edendigini subut edýär...

25.02.2026 06:38
4.9k+

Alymlar öň näbelli bolan ýaşaýyş formasyny – gadymy Prototaxites organizmini açdylar

Kanadanyň Gaspe aýlagynyň kenaryndan tapylan sekiz metr uzynlykdaky ägirt uly gurluşlaryň ylma mälim bolmadyk, ýitip giden düýbünden başga bir ýaşaýyş formasydygy anyklandy. Bu barada Science žurnaly habar berýär...

24.02.2026 18:28
5.9k+

250 million ýyllyk deňiz amfibiýasynyň galyndylary mezozoý eýýamynyň ýyrtyjylary baradaky syrlary açdy

Alymlar mundan 60 ýyl ozal Awstraliýanyň demirgazyk-günbatar sebitinden tapylan we takmynan 250 million ýyl ozal ýaşap geçen deňiz amfibiýalarynyň galyndylaryny gaýtadan öwrendiler. Bu tapyndylar uzak wagtlap muzeý kolleksiýalarynda saklanyp, öwrenilmän galypdy...

18.02.2026 09:57
6.1k+

Wýetnamda 2000 ýyl ozal dişleri garaltmak däbi bolupdyr: bu geň däbiň syry açyklandy

Dişleri garaltmaklyk — Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa halklarynyň arasynda gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän özboluşly däpdir. Bu däp adamlar üçin "özüňkini" "ýatdan" tapawutlandyrmak, adamlary jyn-şeýtanlardan, medeniýetli halky bolsa "wagşylardan" saýhallamak ýaly birnäçe möhüm wezipäni ýerine ýetiripdir...