Microsoft pandemiýa sebäpli dünýädäki işgärlerine 1,5 müň dollar berer

  • 12.07.2021 13:13
  • 7.2k+

Microsoft korporasiýasy pandemiýa sebäpli dünýäniň ähli künjegindäki işgärlerine 1,5 müň dollar möçberde bonus tölegini berer. Bu barada The Verge internet portaly habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Korporasiýanyň içerki resminamasyna laýyklykda, bu mukdar “adatdan daşary we kyn maliýe ýylynyň tamamlanmagynyň şanyna” tölener. Töleg Microsoft-a 2021-nji ýylyň 31-nji martyndan gijä galman işe giren korporasiýanyň bölümçeleriniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlaryndan aşakdaky wezipelerde işleýän işgärlere degişlidir. Bonus tölegini almaga doly däl iş güni bilen işleýän işgärleriň hem hukugy bar.
Portalyň maglumatlaryna görä, Microsoft-da tutuş dünýä boýunça 175 müň töweregi adam zähmet çekýär. The Verge-iň hasaplamasy boýunça, bu başlangyç korporasiýa, takmynan, 200 mln dollara düşer. Bu onuň iki günüň dowamyndaky girdejisinden birneme azdyr. Microsoft-yň birnäçe golçur kompaniýalarynyň işgärleri bu bonusy almazlar.
Köpçülikleýin bonus töleglerini beýleki amerikan IT-ägirtleri hem geçiripdiler. 2020-nji ýylyň mart aýynda Facebook-yň ýolbaşçylygy tas 45 müň adam bolan işgärlerine pandemiýa sebäpli 1 müň dollardan bermek kararyna geldi. 2020-nji ýylyň dekabr aýynda Amazon baýramçylyk möwsümindäki işleri üçin işgärlerine 300 dollardan töledi.


düýn 00:57
5k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......