Gadyrgeldi Müşşikow Türkmenistanyň Merkezi bankyna täze ýolbaşçy bellendi

  • 09.07.2021 23:06
  • 14k+

Gadyrgeldi Müşşikow Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň başlygy wezipesine bellendi. Degişli resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edildi. G.Müşşikow mundan öň ýurdumyzyň ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesinde işlän Merdan Annadurdyýew wezipesinden boşaldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Annadurdyýew Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadylyp, bu wezipä G.Müşşikow bellenildi.


şu gün 19:38
1.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
711

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

şu gün 11:05
3.1k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......