BSGG çagalara we ýetginjeklere sanjym etmäge rugsat berdi

  • 09.07.2021 12:07
  • 3.3k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmenleri çagalara we ýetginjeklere sanjym etmegiň mümkindigini ykrar etdi. Guramanyň täzelenen maslahatlary onuň resmi internet saýtynda köpçülige ýetirildi. Bu barada mir24.tv habar berýär.

Resminamada aýdylyşyna görä, ýetginjeklik ýaşyna ýetmedikler COVID-19-y ululara garanyňda, has ýeňil geçirýär. «Eger-de çagalardyr ýetginjekler COVID-19-y geçirmek töwekgelçiligi has güýçli topara girmeýän bolsa, onda olara uly ýaşlylardan, dowamly gaýtalanyp durýan keseli bolan näsaglardan we lukmançylyk işgärlerinden soň sanjym etmek gerek» diýlip, maslahatlarda görkezilýär.
Mundan ozal bu guramada çagalar üçin koronawirusa garşy sanjymy ulanmak babatda ýeterlik maglumat ýokdy. Soňra iýul aýynda Gamalei adyndaky merkezde Moskwanyň lukmançylyk edaralarynyň meýdançasynda 12-17 ýaşly ýetginjekler üçin «Sputnik V» sanjymynyň kliniki barlaglarynyň başlanýandygy mälim edildi. Häzirki wagtda barlaglaryň ilkinji iki tapgyryna gatnaşmak üçin meýletinçileri saýlamak tapgyry dowam edýär.  
ABŞ-da bolsa şu ýylyň maýynda 12-15 ýaşly çagalar üçin Pfizer sanjymyny ulanmaga rugsat berildi. Munuň özi şu ýaş toparynda koronawirusa garşy peýdalanmak üçin rugsat edilen ilkinji sanjymdyr.


düýn 18:46
3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.1k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....

03.04.2026 12:06
4.6k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......

11.02.2026 13:11
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BSGG-niň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi...