Türkmen Lideri elektromobilde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna aýlanyp gördi

  • 07.07.2021 11:43
  • 8.2k+

Häzirki döwürde Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan hem-de üstaşyr ulag, söwda geçelgeleriniň netijeli işlemegini üpjün edýän Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzili Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýük daşalmagyny şertlendirýän wajyp logistik merkez bolup durýar. Menziliň umumy eýeleýän meýdany 1 million 358 müň inedördül metrden gowrakdyr. Onuň gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 3 müň 500 metre deň bolup, bu ýerde birbada birnäçe ýük we ýolagçy gämileriniň gelmegi, gitmegi hem-de olara degişli hyzmatlaryň ýola goýulmagy üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar.
Portuň doly kuwwatynda işledilmegi sebitiň döwletleriniň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna okgunly goşulyşmagyna, yklymyň iri üstaşyr ulag merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýurdumyzyň halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilmelidir.


03.05.2026 14:32
15k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
7k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.4k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

22.04.2026 14:54
3.6k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......