Taýland sanjym alan syýahatçylar üçin açylýar

Taýland sanjym alan syýahatçylar üçin açylýar

Gaplaňlary görmek, kenarda Güne ýanmak we deňizde suwa düşmek — koronawirusa garşy sanjym alanlar şularyň ählisinden lezzet alyp bilerler. Taýland öz serhetlerini açmaga taýýarlanýar. 1-nji iýuldan sanjym alan adamlar şypahana zolagynda arkaýyn hereket edip biler. Bu barada mir24.tv habar berýär.

Taý adasy Phuketiň «Gaplaňlaryň şalygy» atly seýilgähinde işgärleriň 90 göterimi sanjymlary aldylar. Bu ýerde gaplaňdyr gepardlaryň 50 sanysy saklanýar. Pandemiýadan ozal bu seýilgähe her günde, takmynan, müňe golaý syýahatçy gelýärdi, häzir bolsa myhmanlaryň sany zordan 20-ä ýetýär. Bu ýerde tiz wagtdan ýagdaýyň üýtgejekdigine umyt bildirýärler.

«Biz Saglygy goraýyş boýunça müdirlikden sertifikat aldyk. Haýwanat bagyna degişli ýerler dezinfeksiýa serişdeleri bilen arassalanýar, her ýarym sagatdan arassalaýyş işleri geçirilýär. Şeýle-de bir gelip görjek adamlar üçin spirt esasly dezinfeksiýa serişdesini taýýarladyk. Bu işleriň ählisi gelen adamlara bu ýeriň howpsuz bolmagy üçin edildi» diýip, baş dolandyryjy Çadarat Taodeng aýdýar.

         Pandemiýa sebäpli ykdysadyýetiniň esasyny syýahatçylardan gelýän serişdeler düzýän Phuket örän agyr ejir çekdi. Kärhanalaryň köpüsi ýapyldy, adamlar bolsa işsiz galdy. Taýlandyň Hökümeti ýylyň üçünji çärýeginde ýurda 120 müňden az bolmadyk adamyň gelmegine garaşýar. Pandemiýadan ozal bu ýurda her aýda syýahatçylaryň 3 milliondan gowragy gelýärdi.