Türkmenistan ýurtlaryň asudalygyny ölçeýän indeksde 7 dereje ýokary galdy

  • 29.06.2021 19:31
  • 14k+

Türkmenistan 2021 Ählumumy asudalyk indeksinde (Global Peace Index) 7 dereje ýokary galdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" saýty habar berýär.

Geçen ýylda Türkmenistan 116-njy ýerde ýerleşýärdi.
Belläp geçsek, dünýäniň iň asuda döwleti diýen ady 2008-nji ýyldan bäri Islandiýa elden bermän gelýär.
Ilkinji onluga şeýle hem Täze Zelandiýa, Daniýa, Portugaliýa, Sloweniýa, Awstriýa, Şweýsariýa, Irlandiýa, Çehiýa we Kanada. Sanawda soňky 163-nji orny Owganystan eýeleýär.

«Ählumumy asudalyk indeksi» (Global Peace Index) – Parahatçylyk institutynyň tutuş dünýä boýunça halkara bilermenler toparynyň sosiologlarynyň we ykdysatçylarynyň Sidneý uniwersitetiniň Parahatçylygy we çaknyşyklary öwrenmek merkezi bilen birlikde işläp taýýarlan görekzijisidir.
Ýurtlaryň asudalygyny kesgitleýän indeks san we hil görkezijileriniň 23-sinden ybaratdyr, olaryň her biri şkala boýunça 1-den 5-e çenli ölçenilýär: baly näçe pes boldugyça, şonça-da ýurt asuda hasaplanylýar.
Asudalyk indeksini Ykdysadyýet we dünýä institutynyň howandarlygynda dürli dünýä ýurtlarynyň barlaglar institutlarynyň hem-de seljerme merkezleriniň birnäçesiniň bilermenleriniň halkara topary işläp taýýarlady. Onuň hasap bölegi BMG, Bütindünýä banky, Transparency International we beýleki halkara guramalarynyň, şeýle hem ýurtlaryň birnäçesiniň barlaglar institutlarynyň statistiki maglumatlary esasynda taýýarlanyldy. Bu taslamada işlemäge syýasy we jemgyýetçilik işgärleri, şol sanda Nobel baýraklarynyň eýeleri – ABŞ-nyň we Finlýandiýanyň ozalky prezidentleri Jimmi Karter hem-de Martti Ahtisaari, Tibetiň ruhy lideri Dalaý-lama, Iordaniýaniň şa aýaly Nur, BMG-niň ozalky Baş sekretary Kofi Annan çekildi.
Indeks Economist Intelligence Unit guramasynyň (Economist britan žurnalynyň seljerme bölüminiň) usulyýeti boýunça hasalanylýar. Görkeziji taýýarlanylanda barlaga alnan döwletleriň ählisi ýörite taýýarlanylan görkezijiler, şeýle hem içerki we daşky ýagdaýlaryň utgaşygy boýunça seljerilýär.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......