2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Özbegistanda türkmen gazynyň importy eksportdan ýokary boldy

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Özbegistanda türkmen gazynyň importy eksportdan ýokary boldy

“Gazprom” kompaniýasy 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Özbegistana 1,5 milliard kub metr türkmen gazyny iberdi diýip, Trend habar berýär.

Habara görä, Özbegistan satyjydan “Gazpromyň” gazyny alyja öwrüldi. Şeýlelikde, Özbegistan “Gazpromy”  2018-nji ýylda 3,8 milliard kub metr gaz bilen üpjün etdi, 2019-njy ýylda üpjünçiligi 4,9 milliard kub metre çenli ýokarlandyrdy, 2020-nji ýylda bolsa ony bes etdi. Täze memorandum 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde-de Özbegistanyň gazynyň rus konsernine berilmändigini tassyklaýar.
Mundan başga-da, 2020-nji ýyldan “Gazprom” Özbegistana türkmen gazyny iberip başlady: 2020-nji ýylda 0,9 milliard kub metr, 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 1,5 milliard kub metr gaz iberildi. 
2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Özbegistan “Gazpromdan” Hytaýa eksport edip biljeginden (0,54 milliard kub metr) üç esse köp türkmen gazyny satyn aldy.
Rus kompaniýasyna türkmen gazynyň iberilmegi 2019-njy ýylda 4 milliard kub metrden başlap dikeldildi, 2020-nji ýylda göwrümi 4,7 milliard kub metre çenli (Özbegistan üçin gazy hasaba almak bilen) ýokarlandy. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanda gazyň satyn alynmagy bir ýyl ozalky 1,3 milliard kub metrden 2,2 milliard kub metre çenli ýokarlandy.