SpaceX güýze çenli tutuş dünýäni simsiz internet bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär

  • 25.06.2021 20:12
  • 9.8k+

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy sentýabr aýyna çenli Starlink hemra ulgamynyň kömegi bilen tutuş dünýäni simsiz internet bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Bu barada amerikan awiakosmiki korporasiýasynyň prezidenti Gwinn Şotwell habar berýär. Muny rg.ru ýetirýär.

“Biz 1800 töweregi hemrany üstünlikli goýberdik. Bu hemralar iş orbitasyna ýetende, biz global internet gurşawyna eýe bolarys, ýöne soň bize düzgünleşdiriji edaralar tarapyndan rugsat almak gerek bolar” – diýip, ol Macquarie Group tehnologiýa web-konferensiýasynda aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, SpaceX 12 müň töweregi hemrany goýberer. Taslamanyň umumy bahasy 10 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasy şu ýyl SpaceX-iň meýilleşdirilişinden has pes ýer orbitasynda käbir Starlink hemralaryny ýerleşdirmek boýunça meýilnamalaryny makullady. Bu häzirki wagtda internete elýeterliligi bolmadyk adamlara ýokary tizlikli giň zolakly interneti bermäge kömek eder. 
Starlink ulgamy ýer orbitasynda agramy 500 kg çenli bolan birnäçe kiçi enjamlary ýerleşdirmegiň hasabyna internete elýeterliligi üpjün etmek üçin niýetlenendir. 2019-njy ýylyň maý aýynda kosmosa onuň ilkinji 60 enjamy uçuryldy.

şu gün 00:17
457

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
859

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.6k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......