LG öz dükanlarynda Apple-iň önümlerini satyp başlar

  • 22.06.2021 18:08
  • 4.3k+

Ýadymyzda bolsa, LG maý aýynda smartfon önümçiligini düýbünden bes edipdi. Indi bolsa Günorta Koreýanyň bu kompaniýasy öz dükanlarynda Apple-iň enjamlaryny satyp başlar. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Ulanyjylar Günorta Koreýadaky 400-den gowrak “LG Best Shop” dükanlarynda Apple-iň smartfon, planşet, akylly sagat ýaly enjamlaryny satyn alyp bilerler. Şeýtmek bilen, LG öz dükanlaryna alyjy çeker, şeýle hem serişdeleriň yzygiderli dolanyşygyny üpjün eder.
LG-niň dükanlarynda Apple-iň enjamlaryny satmak üçin ýörite burçlaryň dörediljekdigi we olarda, esasan, LG-niň däl-de, Apple-iň öz hünärmenleriniň işlejekdigi bellendi. Häzirki wagtda LG-niň Mac kompýuterlerini satyp-satmajakdygy barada anyk maglumat ýok, sebäbi Günorta Koreýa kompaniýasy öz noutbuk önümçiligini ýatyrmady. Diýmek, bu ýagdaý gönüden-göni bäsdeşlik bilen bagly bolup durýar diýip, çeşme belleýär.

düýn 14:53
1.5k+

Motorola Swarovski kristallary bilen bezelen smartfon bilen gulaklyk hödürleýär

Motorola kompaniýasy Swarovski kristallary bilen bezelen «Brilliant Collection» atly premium enjamlar toplumyny resmi taýdan hödürledi. Bu ýörite topluma Swarovski kristallary bilen bezelen «Motorola......

düýn 14:48
1.3k+

Casio «Ýyldyz söweşleriniň» stilinde täze sagatlaryny hödürledi

Casio kompaniýasy «Ýyldyz söweşleri» äleminiň muşdaklary üçin täze sagatlar toplumyny hödürledi. Oňa G-Shock we Baby-G modelleriniň binýadynda döredilen iki model girdi. Sagatlar «Ýyldyz söweşleri» äleminiň......

düýn 12:04
1.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

13.05.2026 23:22
1.3k+

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....