Gazagystan musulman döwletlerine öz sanjymlaryny bermäge taýýar

  • 21.06.2021 19:50
  • 8.4k+

Gazagystan koronawirus ýokanjyna garşy öz sanjymlaryny musulman döwletlerine hödürlemäge taýýar. Bu barada Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň aýdan sözlerine salgylanyp, «МИР 24» teleýaýlymynyň internet saýty habar berýär.

«Häzir sanjymlaryň adalatly paýlanylmagy örän möhüm. Biz olarryň syýasy gural hökmünde ulanylmagyna ýol bermeli däl. Gazagystanyň QazVac serişdesi häzirki wagtda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň tassyklamagy bilen bagly prosesde. Biz ynsanperwer kömek hökmünde öz sanjymymyzy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlaryna bermäge taýýardyrys» diýip, Tokaýew aýtdy.

Ol bu barada 16-njy iýunda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen sammitinde habar berdi. 
Ýeri gelende bellesek, Gazagystan geçen ýylyň martynda koronawirusa garşy öz hususy QazVac sanjymyny işläp taýýarlamaga girişdi. Onuň kliniki synaglary iýul aýynda tamamlanar.

düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......