CNPC «Galkynyş» gaz käninde täze guýulary gurar

  • 19.06.2021 20:27
  • 13k+

Hytaýyň CNPC kompaniýasy «Galkynyş» gaz käninde täze guýulary gurmak boýunça hyzmatlary alyp barar. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan geçirilen halkara bäsleşikde hytaý kompaniýasynyň täjirçilik teklibi has amatly hasaplanyldy diýip, wise-premýer Ş.Abdrahmanow Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

Kompaniýanyň teklibine laýyklykda, işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek we amala aşyryljak işler üçin hasaplaşyklary 2007-nji ýylda baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda, üç ýylyň dowamynda her ýylda 17 milliard kub metr tebigy gazy ugratmagyň hasabyna geçirmek meýilleşdirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze guýular burawlananda we türkmen gazyny eksporta ugratmakda möhüm orun degişli bolan “Galkynyş” gaz känini döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

14.01.2026 11:30
3.2k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

12.12.2025 16:33
5k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...