Immuniteti ýokarlandyrýan önümler

  • 21.06.2021 19:18
  • 13k+

Tomus — ter miwelerdir gök-önümleriň, ir-iýmişleriň pasly. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin olary gündelik iýmitleriň sanawyna goşmaly. Bu barada lukman-dietolog, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Darýa Usakowanyň sözlerine salgylanyp, mir24.tv habar berýär.

«Mälim bolşy ýaly, sagdyn içegeler bedeniň immun goraglylygyny üpjün edýär. Witaminler bolsa immuniteti işjeňleşdirýär, şoňa görä-de, gündelik iýmit normaňa möwsümleýin gök-önümleri, miwelerdir ir-iýmişleri, işdäaçarlary has köp goşmak gerek» diýip, lukman aýdýar.  

Onuň sözlerine görä, şu aşakdaky önümler witaminlerdir antioksidantlara, iýmit süýümlerine baý bolup, olar içegäniň sagdynlygyny üpjün edýär. Ol saglyk üçin iň peýdaly önümleriň birnäçesiniň adyny getirdi: ter sogan, pomidor, nar, erik, şetdaly we çereşnýa. Rusakowa immunitet üçin tomusdaky ýaly peýdaly önümleriň tutuş ýylyň dowamynda gabat gelmeýändigini nygtap, şonuň üçin her günde azyndan 400-500 gram ter miweleri we gök-önümleri iýmegi maslahat berýär. Şonuň bilen birlikde, olaryň möwsümleýin önümler bolmagy hem zerur.
Dietolog sarymsagyň peýdasy barada aýratyn durup geçdi. Onda antibakterial effektli serişdeler saklanýar we immunitetiň işjeňligini kadalaşdyrýar. Şeýle hem ol balygy, ýagsyz eti, süýt we süýt önümlerini iýmegi hem unutmazlygy ýatlatdy. Bu önümler adamyň immun ulgamyny zerur bolan beloklar bilen üpjün edýär.
Lukmanyň sözlerine görä, sagdyn bolmak üçin diňe iýmit önümlerine bil baglamak hem ýeterlik däl. Immunitetiň kadaly bolmagy üçin sagdyn ukynyň we fiziki işjeňligiň hem täsiri uludyr.

şu gün 18:05
312

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......