Putin bilen Baýdeniň sammiti üçin 1 müňden gowrak žurnalist akkreditasiýa sorady

Putin bilen Baýdeniň sammiti üçin 1 müňden gowrak žurnalist akkreditasiýa sorady

16-njy iýunda Ženewada geçiriljek Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň duşuşugyna gatnaşmak üçin žurnalistleriň 1 müňden gowragy akkreditasiýa sorap ýüz tutdy. Häzirki wagtda olaryň ýüztutmalaryna seretmek işi dowam edýär. Bu barada Şweýsariýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Pýer Alen Elçingeriň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.

«1 müňden gowrak žurnalist ýüztutma iberdi. Şweýsariýanyň daşary syýasat edarasynyň Habarlar gullugy akkreditasiýalary gysga möhletde tamamlamak maksady bilen, hödürlenen maglumatlary barlamagy dowam edýär» diýip, Elçinger aýdýar.

Şweýsariýanyň DIM-niň maglumatlaryna görä, Metbugat merkezi 14-17-nji iýun aralygynda Ženewanyň Halkara kongresler merkezinde hereket eder. Zerur enjamlar bilen üpjün edilen iş ýerleri — žurnalistleriň hyzmatynda. Olara çaý, kofe we arassa agyz suwy hödürlener.
Metbugat merkezine giriş hatyny almak üçin şweýsar hökümetiniň sanitar talaplaryny berjaý etmek zerurdyr. Şeýle hem žurnalistlerden Şweýsariýa, Ýewropa Bileleşigi ýa-da Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan tassyklanan koronawirusa garşy sanjymlary alandygyny, test barlagyndan geçendigini ýa-da COVID-19-y geçirendigini tassyklaýan kepilnamasyny görkezmek talap ediler.