El halyçylyk işini ösdürmek boýunça teklipler Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlenildi

El halyçylyk işini ösdürmek boýunça teklipler Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlenildi

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň haly kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň düzümine jemi 11 kärhana girýär.
Milli el halyçylyk işini has-da ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça birnäçe anyk teklipler döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.
Wise-premýeriň nygtaýşy ýaly, bu çäreler ýokary hilli haly önümleriniň döredilmegine, dokalan halylara islegiň ýokarlanmagyna we ýerlenilýän mukdarynyň artmagyna, ýüpek ýüplükleriň hem-de önümçilikde ulanylýan beýleki serişdeleriň oýlanyşykly peýdalanylmagyna we ahyrky netijede, kärhanalaryň ykdysady taýdan has netijeli hereket etmegine, düşewüntleriň we girdejileriň möçberiniň ýokarlanmagyna ýardam berer.
Döwlet Baştutany hödürlenilýän teklipleriň wajypdygyna ünsi çekip, ýokary hilli haly önümleriniň öndürilýän we eksport edilýän mukdaryny köpeltmek hem-de dünýä bazarlaryna çykarylyşyny işjeň öňe ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.