Aşgabadyň ýollarynda üç belgili awtobus gatnawlary hereket edip başlady

Aşgabadyň ýollarynda üç belgili awtobus gatnawlary hereket edip başlady

Aşgabadyň şaýollarynda we köçelerinde 102 hem-de 103 belgili awtobuslar hereket edip başlady. 3 belgili awtobus gatnawlary Aşgabadyň häzirki zaman taryhynda ilkinji wakadyr.

102 belgili awtobus «Awtokombinat» nokadyndan herekete başlap, soňky «Teke bazary» belleniş nokadyna barýar.
103 belgili awtobusyň ugry bolsa «Parahat» ýaşaýyş jaý toplumyndan başlap, halkara howa menzilinde tamamlanýar.

Türkmen paýtagtynyň çäginiň giňelmegi hem-de ilatynyň artmagy bilen awtobus ugurlary hem köpeldilýär. Olar 1-2 aýda diýen ýaly yzygiderli artdyrylýar. Bir wagtda birnäçe täze ugurlar boýunça gatnawlar ýola goýulýar.
Ýakyn geljekde türkmen paýtagtynda awtobus gatnawynyň onlaýn kartalarda görkezilmegi meýilleşdirilýär. Bu awtobuslarda oturdylan GPS nawigasiýa ulgamynyň kömegi bilen mümkin bolar.

Öň habar berşimiz ýaly, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli 25-nji maýda Aşgabatda täze gelip gowşan 400 awtobus hereket edip başlady.