Fransiýa "Google"-a 270 million dollar möçberinde jerime saldy

  • 11.06.2021 19:43
  • 12k+

Fransiýanyň monopoliýa garşy göreş boýunça agentligi onlaýn mahabat işinde özüniň agalyk ediji ýagdaýyndan görlüp-eşidilmedik derejede hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin "Google"-a 220 million ýewro (268 million dollar) möçberinde jerime salmak kararyna geldi. Bu barada agentligiň beýanatyna salgylanyp, "ABC" News habar berdi.

Öz bäsdeşlerini jezalandyrýandygy üçin "Google"-yň ulanýan usullary aýratyn çynlakaý bolup durýar diýip, monopoliýa garşy göreşýän edara öz beýanatynda belledi.

"Häkimiýetler agalyk edýän kompaniýanyň aýratyn jogapkärçilik çekýändigini, esasan-da, zyýan ýetirmeli däldigini ýatladýar"-diýlip, bu beýanatda aýdylýar.

Beýanatda Kaliforniýanyň Mauntin-Wýu şäherinde ýerleşýän "Google"-yň faktlary inkär etmändigini we kazyýet işini çözmek kararyna gelendigi aýdylýar. Edaranyň başlygy Isabel de Silwa munuň öň görlüp-eşidilmedik karardygyny aýtdy diýip, çeşmede beýan edilýär.

27.04.2026 23:00
2k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
5.8k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

27.04.2026 16:06
2.5k+

LEGO "Möý adam: Düýbünden täze gün" filmi esasynda üç täze toplumy döretdi

LEGO kompaniýasy "Möý adam: Düýbünden täze gün" filminiň geljekki premýerasyna bagyşlanan üç temaly toplumyň çykarylandygyny yglan etdi....

25.04.2026 20:11
2.4k+

Redmi K Pad 2 planşeti 3K ekrany, güýçli sowadyjy ulgamyny we 9100 mAh batareýany aldy we 500 dollara satylýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan täze ykjam flagman planşetini bolan Redmi K Pad 2-ni Redmi K90 Max smartfony bilen bilelikde tanyşdyrdy. Bahasy 500 dollardan başlaýan täze enjam öndürijilikli apparat......