Bütin dünýäde iri habar beriş saýtlary bir pursat işlemegini bes etdi

  • 10.06.2021 22:46
  • 9.2k+

Iň iri habarlar agentlikleriniň web sahypalary bir wagtyň özünde bütin dünýäde işlemegini bes etdi. Bu barada Al Jazeera habar berdi.

Sişenbe güni “Finiancial Times”, “New York Times” we “Bloomberg News” ýaly dünýäniň birnäçe iri habar gullugynyň web sahypalary internete baglanmady. CNN we Fransiýanyň “Le Monde” gazetleri hem web sahypalarynda näsazlygyň ýüze çykandygy barada duýduryşy habarlaryny görkezdiler. Bu näsazlyk “Al Jazeera Media” ulgamynyň hem işini bir pursatlyk saklady.
Mundan başga-da, şol wagt “Amazon.com Inc” bölek satuw web sahypasynyň hem işlemegini bes edendigi aýdylýar. Ýöne "Amazonyň" wekilleri bu hakynda hiç zat diýip dil ýarmadylar.
Şeýle hem iňlisleriň “The Guardian” gazeti hem özüniň web sahypasyna we programmasyna zeper ýetendigini habar berdi. Beýleki iňlis habar beriş serişdeleriniň käbirler saýtlary hem az salymlyk açylman galdy. Aýdylmagyna görä, şol wagt Angliýanyň hökümetiniň esasy web sahypasy hem elýeterli däl eken.
Dünýäniň iň iri habarlar agentlikleriniň web sahypalaryna täsir eden bu näsazlygyň sebäbi entek belli däl diýip, çeşme belläp geçdi.

26.04.2026 15:51
7.4k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.5k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.9k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....