Baýdeniň daşary ýurtlara ilkinji sapary başlandy

  • 10.06.2021 22:51
  • 11k+

9-njy iýunda ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň daşary ýurtlara ilkinji taryhy sapary başlandy we onuň Ýewropa syýahaty 8 gün dowam eder. Bu barada «МИР 24» habar berdi.

Saparyň ilkinji gününde Ak tamyň ýolbaşçysynyň uçary Londondan, takmynan, 100 kilometr uzaklykdaky Mildenholl britan howa bazasynda gondy. Onuň gapdalynda ýanýoldaşy Jill Baýden hem bar.
10-njy iýunda amerikan Lideri Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson bilen duşuşdy. 11-nji iýunda bolsa Uly ýediligiň (G7) döwlet Baştutanlarynyň üç günlük sammiti başlanýar. Soňra hasap boýunça Baýden Şa aýaly Ýelizaweta II tarapyndan kabul ediler.
Beýik Britaniýa saparyny tamamlap, ABŞ-nyň Prezidenti NATO-nyň sammitine gatnaşmak maksady bilen, Brýussel şäherine ugrar. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Şweýsariýada geçiriljek gepleşikler bolsa Baýdeniň Ýewropa syýahatynyň jemlenmesi bolar.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

09.05.2026 15:30
2.6k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......