2030-njy ýyla çenli Yrakda suw çökgünligi döräp biler

  • 08.06.2021 14:51
  • 16k+

Sebitde howanyň üýtgemegi we Tigr hem-de Ýewfrat derýalarynyň suwunyň işjeň ulanylmagy sebäpli, Yrak 2035-nji ýyla çenli suw gorlarynyň güýçli ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. Bu barada Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli eden çykyşynda Yragyň Prezidenti Barham Saleh aýtdy — diýip, TASS-a salgylanyp, Trend agentligi habar berýär.

Prezident kanselýariýasynyň saýtynda Barham Salehiň: «Yrak soňky 40 ýyldan bäri dürli görnüşli düýpli öwrülişiklerden ejir çekýär. Uruşlar, sanksiýalar, terrorizm we içerki gapma-garşylyklar onuň durnuklylygyna hem-de raýatlarynyň abadançylygyna howp salýar. Ýöne ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan iň esasy hem uzak möhletleýin howpy, gürrüňsiz, ykdysady üýtgeşmeler we howanyň üýtgemegi zerarly daşky gurşawa zyýan ýetirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Yragyň Suw gorlary ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2035-nji ýyla çenli biziň ýurdumyzda her ýylda takmynan 10,8 milliard kub metr suw ýetmezçiligi döräp biler» diýen sözleri getirilýär.
Şular bilen birlikde, onuň sözlerine görä, 2050-nji ýyla çenli ýurduň ilaty häzirki 38 million bolanlygyndan, 80 million adama çenli köpeler, bu bolsa howanyň üýtgemegine üns berilmese, ykdysady we durmuş töwekgelçiliklerini has-da ýokarlandyrar.


düýn 18:53
6.7k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.1k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......