2021-nji ýylyň alty aýynda Türkmenistanda telekeçileriň sany 8%-den gowrak artdy

  • 05.06.2021 16:34
  • 9k+

Türkmenistanda telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň sany 2021-nji ýylyň başky alty aýynda 8,5% artdy. Muňa ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatlary şaýatlyk edýär.

 

2020-nji ýylyň ahyrynda ýurtda 57 müň 422 sany telekeçi hasaba alnan bolsa, 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda bu görkeziji 62 müň 332 birlige ýetdi.
Fiziki şahs hökmünde bellige alnan hususy telekeçileriň sanynyň artmagy ýurtda hususy işewürligi alyp barmak üçin mümkinçilikleriň giňeldilýändiginden habar berýär. Munuň üçin döwlet tarapyndan salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçileri bellige almak we olaryň işini ygtyýarlandyrmak çäreleri kämilleşdirmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

düýn 15:00
864

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......

27.04.2026 23:00
2.2k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.1k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

27.04.2026 16:06
3k+

LEGO "Möý adam: Düýbünden täze gün" filmi esasynda üç täze toplumy döretdi

LEGO kompaniýasy "Möý adam: Düýbünden täze gün" filminiň geljekki premýerasyna bagyşlanan üç temaly toplumyň çykarylandygyny yglan etdi....