3-NJI IÝUN BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI

  • 03.06.2021 13:31
  • 10k+

Tigiri hemişe dost tutunan iňlis ýazyjysy Gerbert Uells: «Haçan-da men welosiped sürýän uly ýaşly ynsany görsem, adamzadyň geljeginden arkaýyn!» diýer ekeni.  Adamzadyň iň ajaýyp oýlap tapyşlary hakynda halkara pikir soraşmalarda welosiped telefondyr internetden hem öňe geçdi. Welosiped ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolmak bilen ygtybarly we amatly serişdedir.

Lukmanlaryň ylmy garaýyşlaryna görä, yzygiderli welosiped sürmek bedeniň ähli myşsalaryny herekete getirip, ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar, ol adamyň oňurga süňklerine oňaýly täsir edip, dem alşyny sazlaýar, duýgy-emosional ýagdaýlaryny kadalaşdyryp, şonuň bilen birlikde, göreçleriniň ýitelmegine-de ýardam berýär. Dürli aralyklara weloýaryşlaryň guralyp, onuň muşdaklarynyň barha köpelmegi welotregiň ýokary netijeli sport görnüşleriniň biri hökmünde ykrar edilmegini şertlendirýär. Welosportuň trekde, şossede we dagda sürmek görnüşleri has meşhur bolan ýurdumyzda bu ugurda halkara derejeli sport ýaryşlaryny geçirmäge doly mümkinçilik bar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bina edilen 6 müň orunlyk Welotrek sport toplumynyň 2021-nji ýylyň Welotrek boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak türgenleri kabul etjek güni-de indi uzakda däl. Ekologiýa taýdan arassalygy bolsa adamzadyň «iki tigirli dostunyň» esasy artykmaçlygy hem bähbitli tarapydyr.
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň bilermenleriniň pikirine görä, COVID-19 pandemiýasyndan soňky dikeldiş döwründe welosiped «ýaşyl» ykdysadyýetiň hereketlendirijisi bolup biler. Şoňa görä-de, bu gurama agza ýurtlar welosipedi köpçülikleýin ulanmak boýunça täze strategiýadyr maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagynyň möhümdigini öňe sürýärler. Bu ugurda eýýäm ilkinji ädimler ädildi. Golaýda welosiped sürmegiň gerimini giňeltmek boýunça Ýewropa meýilnamasyna gol çekildi we ony tassyklan ýurtlaryň 56-synyň wekilleri bu sebitde 2030-njy ýyla çenli welosipedçileriň sanyny iki esse artdyrmagy göz öňünde tutýarlar. Sebäbi ulagyň bu görnüşi parnik gazlarynyň zyňyndylaryny bölüp çykarmaýar we goh-galmagal döredip, ýaşaýjylaryň rahatlygyny bozmaýar, şeýle-de welosipedleriň köp ulanylmagy belli bir derejede ýol-ulag hadysalary bilen bagly howplary azaldýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Şondan bäri bu sene  baýram edilip, bellenilip gelinýär.

şu gün 13:42
828

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 21:03
1.6k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
7.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......